Ital­ýan mu­ze­ýi Gre­si­ýa­nyň Ak­ro­polýa mu­ze­ýi­ne wagt­la­ýyn sak­la­mak üçin Par­fe­non yba­dat­ha­na­sy­nyň be­ze­gi­niň bir par­ça­sy­ny ber­di. Hä­zir­ki wagt­da mi­la­dy­dan öň, V asy­ra de­giş­li ga­dy­my grek yba­dat­ha­na­sy­na zy­nat be­ren be­zeg­le­riň ýa­ry­sy­na go­la­ýy Lon­don­da­ky Bri­tan mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar. Ýö­ne ow­nuk par­ça­la­ryň kä­bi­ri Ýew­ro­pa­nyň mu­zeý­le­rin­de-de sak­lan­ýar. Ola­ryň bi­ri hem Si­si­li­ýa­da. On­da grek­le­riň aw hu­da­ýy Ar­te­mi­da­nyň sag aýa­gy şe­kil­len­di­ril­ipdir. As­lyn­da bol­sa Ar­te­mi­da­nyň heý­ke­li yba­dat­ha­na­nyň gün­do­gar ta­ra­pyn­da ýer­leş­ýän eken.
– Bu bi­ziň üçin Or­ta­ýer deň­zin­dä­ki iki ga­dy­my, ab­raý­ly mu­ze­ýi bir­leş­dir­ýän mö­hüm wa­ka­dyr. Si­si­li­ýa­da­ky iň kö­ne Sa­li­nas mu­ze­ýi bilen Afi­ny­nyň Ak­ro­po­lýa mu­ze­ýini ta­nyş­dyr­ma­gyň ze­rur­ly­gy ýok. Bular bel­ki-de, dün­ýä­niň iň meş­hur mu­zeý­le­ri­dir – di­ýip, Sa­li­na­syň Si­si­li­ýa ar­heo­lo­gi­k mu­ze­ýi­niň di­rek­to­ry Ka­te­ri­na Gre­ko aýd­ýar.
B­ri­ta­ni­ýa­nyň Kons­tan­ti­no­pol­da­ky (Stanbul) il­çi­si Lord El­gin XIX asyr­da Par­fe­no­nyň fron­to­nyn­dan 12 sa­ny heý­ke­li, köp san­ly na­gyş­ly pli­ta­la­ry we beý­le­ki gym­mat­ly par­ça­la­ry Bri­ta­ni­ýa ibe­rip­dir. Gre­si­ýa­nyň özün­de ga­lan­la­ry bol­sa, 2009-njy ýyl­da açy­lan tä­ze Ak­ro­polýa mu­ze­ýin­de go­ýul­dy. Afi­ny Par­fe­no­nyň äh­li heý­kel­ta­raş­lyk iş­le­ri­niň bir­leş­di­ril­me­gi üçin ta­gal­la ed­ýär. Gre­si­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri özü­niň mil­li gymmatlyklarynyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de, Lon­don­dan «El­gin kol­lek­si­ýa­sy­nyň» yzy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­me­gi­ni is­le­ýär. Em­ma Bri­tan ta­ra­py bu heý­kel­le­ri Gre­si­ýa­nyň Os­man­ly­lar ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ry­lan döw­rün­de ka­nu­ny esas­da getirilendigini öňe sürýär.