14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler barada habar berdi. Olara garamagyň hem-de seljermegiň esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we okuwlary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, serişdeleri tapgyrlaýyn çekmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere” kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär. Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen teklipleri makullap, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny giňeltmek, innowasiýalar hem-de iň oňat halkara tejribäniň esasynda pudagyň tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäde meşhur bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

“John Deere” kompaniýasynyň tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezdi. Bu kompaniýanyň hünärmenleri oba hojalyk enjamlarynyň kysymlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler, olaryň işleýiş häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar, türkmen ekerançylarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk getirýärler. Pudagyň tehniki toplumynyň telematik sanly ulgama geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna onuň önümçiliginiň düşewüntliligini artdyrmaga ýardam berer. Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.