Ýapon inženerleri sekuntda 319 terabit internet tizligini hasaba aldylar. Bu barada Ýaponiýanyň informasiýa we aragatnaşyk tehnologiýalary instituty mälim edýär. Institutyň hünärmenleri şeýle tizlige ýetmek üçin erbiý we tuliý elementleri bilen güýçlendirilen süýüm arkaly ýetmegi başarypdyrlar. Munuň üçin dört ýadroly optiki süýümden peýdalanylypdyr. Bu geçiriji birden köp tolkuny birikdirip bilýär. Maglumat geçirişiniň amala aşyrylan iki nokadynyň aralygynyň 3000 kilometrdigi mälim edildi. Bu bolsa, şeýle tizlige adaty internet geçirijilerinde hem ýetilip bilinjekdigini görkezýär. Mundan ozalky rekordyň sekuntda 178 terabitdigi mälim edildi. Bu görkeziji geçen ýylky rekordyň iki essesine, ozalky ýylky rekordyň 7 essesine barabar. Ýapon inženerleri bu rekordy döwmegiň aňsat täzelemegiň, emma muňa garamazdan, bu ugurda işlemeklerini dowam etdirjekdiklerini belleýärler.
Ogultäç MYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň B.Kerbabaýew adyndaky şahamçasynyň müdiri.