Köp jandar üçin gyşda ýeterlik iýmit tapmak kyn bolýar. Şol sebäpden olaryň köpüsi gyşyna uka gidýärler. Haýwanlaryň energiýasyny tygşytlamak we gyşdan artykmaç iýmitlenmezden ýaşamak üçin ýürek urşuny haýallatmagyna «gyş ukusy» diýilýär. Käbir jandarlar gyşlamak wagtynda hereketini haýalladýan bolsa käbirleri süýji uka gidýärler. Uklaýan wagtynda olaryň bedeniniň gyzgynlygy peselýär we ýürek urşy haýallaýar. Şeýle jandarlar güýzüne has köp iýmitlenip, bedeninde has köp ýag emele gelýär. Bu ýag jandar uzak wagt uka gideninde bedeni üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Ýagyň iki görnüşi bar – adaty ak ýag we goňur ýag. Goňur ýagy bolan haýwanyň beýnisi, ýüregi we öýkeni işini örän peseldýär. Oýanmagyň wagty gelende, bu synalary gaýtadan kadaly ýagdaýda işläp başlaýar. Jandarlaryň arasynda gemrijiler, kirpi, aýy, pyşbaga, ýarganat, gurbaga ýaly jandarlar çuň uka gidýärler. Süýdemdirijiler, süýrenijiler, ýerde-suwda ýaşaýanlar we hatda käbir mör-möjekler gyşy uklap geçirýärler. Aýylar gyş ukusyna gidýän jandarlaryň arasynda has belli bolsalar-da, olar hem diňe sowuk wagty ýatýarlar. Günorta-gündogar Aziýanyň yssy howa şertlerinde ýaşaýan aýylar uklamaýarlar. Sebäbi olar ýylyň dowamynda bol iýmitli ýerde ýaşaýarlar. Kirpi, ýarganat ýaly jandarlar her ýylyň oktýabr-noýabr aýyndan aprel-maý aýlaryna çenli uklaýarlar. Gemrijileriň käbir görnüşi güýzde ýygnan iýmitini gyşa saklaýar. Käbir mör-möjekler hem gyşyna uklaýarlar. Arylaryň käbir görnüşi ýeriň aşagynda hin gazyp, gyşy şol ýerde geçirýär.