Ata Wa­ta­ny­myz ro­waç­lyk­la­ryň ýo­ly bi­len öňe bar­ýar, tä­ze sep­git­le­re eýe bol­ýar. Şeý­le ösüş­ler ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da, hu­su­san-da ulag ul­ga­myn­da hem ga­za­nyl­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­de ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hem-de pa­ra­sat­ly tek­lip­le­ri esa­syn­da ulag ul­ga­myn­da öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­lar dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Hu­su­san-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Şeý­le hem 2016-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ýur­du­myz­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Ine, şu nuk­daý­na­zar­dan ulag ul­ga­myn­da­ky baş­lan­gyç­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan ýe­ne-de bir mö­hüm Mak­sat­na­ma tas­syk­lan­dy. Ol hem «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022-2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» at­ly res­mi­na­ma­dyr. Bu mak­sat­na­ma­da ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň we hal­ka­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ös­dür­mek, dün­ýä­niň we se­bi­tiň ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň ta­lap­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, Türk­me­nis­ta­nyň ýol-ulag Ko­dek­si­ni taý­ýar­la­mak, ulag ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da BMG hem-de onuň se­bit­le­ýin ko­mis­si­ýa­la­ry, Hal­ka­ra eks­pe­di­tor­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň fe­de­ra­si­ýa­sy, Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy, Ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy, Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi, De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy, Hal­ka­ra de­ňiz gu­ra­ma­sy we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Çäk taý­dan amat­ly ýer­le­şen eziz Di­ýa­ry­myz­da ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da giň ge­rim­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ow­ga­nys­tan-Türk­me­nis­tan-Azer­baý­jan-Gru­zi­ýa-Tür­ki­ýe, Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran, Ha­zar deň­zi-Ga­ra de­ňiz, Öz­be­gis­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran-Oman we beý­le­ki hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar bar.
Stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ulag me­se­le­le­ri­niň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Re­zol­ýu­si­ýa­lar mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sür­ýän oňyn tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­daw tap­ýar. Dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bo­lan ata Wa­ta­ny­my­zyň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de aý­ra­tyn mö­hüm orun eýe­le­ýän bu ul­gam­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýan bu ýol­lar Ýew­ro­pa, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny we Gü­nor­ta Azi­ýa ug­ry bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra ge­çel­ge­si­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ugur­la­ry­ny mun­dan beý­läk hem di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň, Or­ta Azi­ýa hem-de Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ara­syn­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­ýär. Hal­ka­ra ulag we lo­gis­ti­ki hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet de­giş­li­dir. Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, Türk­me­nis­tan ulag ba­bat­da on­lar­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň ag­za­sy, hal­ka­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri bo­ýun­ça bag­la­şy­lan bir­nä­çe hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň gat­na­şy­jy­sy bo­lup dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­nyň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­, Ker­ki-Ymam­na­zar-Aki­na ug­ru­ny gu­ra­ma­gyň aja­ýyp tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­dy, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty ula­nyl­ma­ga be­ril­di, şeý­le hem Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Onuň bi­rin­ji bölegi ge­çen ýyl ulan­ma­ga be­ril­di.
Döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­te­ren hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun! Goý, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­le­rin­dä­ki at-ab­ra­ýy mun­dan beý­läk-de be­len­de gal­syn!

Gut­ly GO­ŞA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.