Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon özüniň ikinji resmi saparyny şu ýylyň 6-7-nji fewralynda Belgiýanyň paýtagty Brýussele amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Ol bu saparynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň we beýleki guramanyň ýokary wezipeli ygtyýarlylary bilen gepleşikler geçirer.
– Çakylyk aldym we ikinji resmi saparymy Brýussele amala aşyrýaryn. Fewral aýyndaky saparyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşaryn – diýip, Prezident belledi. Ol ÝB-niň ýolbaşçylary bilen ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
Prezident Dodon ÝB-niň Moldowadaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Pirkke Tapiola Ýewraziýa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamanyň taslamasyny berendigini, onuň ÝB bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin hiç hili päsgelçilik döretmeýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşigi bilen oňat gatnaşyklary saklap galmagy maksat edinýändigini, şol sanda ähli ýurtlar bilen gatnaşyklaryň has-da berkidilmegi üçin tagalla etmäge taýýardygyny aýtdy.
Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon özüniň ilkinji resmi saparyny Russiýa amala aşyrdy we ýurduň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.