Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň dowamynda Germaniýada Bundestagyň (milli parlamentiň) saýlawyny geçirmek göz öňünde tutulýardy. Ýurduň Prezidenti Ýoahim Gauk şol saýlawyň wagtyny kesgitläp, onuň 24-nji sentýabrda geçiriljekdigini mälim etdi.
Şeýlelikde, Bundestagyň 19-njy çagyrylyşynyň saýlawy 2017-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriler. Şol saýlaw ýurduň häzirki Premýer-ministri (Kansleri) Angela Merkeliň ykbalyny kesgitlär. Federal Kansler Angela Merkeliň bu saýlawdaky esasy bäsdeşi Ýewroparlamentiň öňki ýolbaşçysy Martin Şuls bolar. Onuň saýlawlara gatnaşmajakdygy ozal habar berlipdi. Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Federal Kansleriň orunbasary Zigmar Gabriel Martin Şulsyň dalaşgärligini öňe sürmek isleýändiklerini mälim etdi. Zigmar Gabriel öz dalaşgärligini bolsa, yzyna çekmekçi.
Şu wagtky Kansler Angela Merkel 4-nji möhlet üçin Hristian-demokratik bileleşigiň adyndan dalaşgär bolar. Onuň bäsdeşi Martin Şuls 61 ýaşynda we güýçli syýasatçylaryň biri hasaplanýar. Ol 2012-2017-nji ýyllar aralygynda Ýewroparlamentiň ýolbaşçysy boldy hem-de 1994-nji ýyldan bäri Ýewroparlamentiň deputatydyr.