Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne tä­ze ýol­baş­çy saý­la­nar. Bu ugur­da eý­ýäm bir­nä­çe da­laş­gär hö­dür­len­di. Şu gün­ler Že­ne­wa şä­he­rin­de do­wam ed­ýän BSGG-niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň 140-njy mej­li­sin­de şol da­laş­gär­le­riň sa­ny­ 3-e çen­li azaldyldy.
BSGG-niň baş di­rek­tor­ly­gy­na şu aşak­da­ky­lar da­laş­gär bol­du­lar: BSGG-niň baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Fa­li­wi­ýa Bust­reo (Ita­li­ýa­dan), Fran­si­ýa­nyň ozal­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri Fi­lipp Dust-Bla­zi, BMG-niň ýö­ri­te we­ki­li De­wid Na­bar­ro, Weng­ri­ýa­nyň öň­ki sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri Mik­loş Soç­ka, Efio­pi­ýa­nyň ozal­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri Ted­ros Geb­re­ýe­sus hem-de Pa­kis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça ozal­ky mi­nist­ri San­ýa Niş­tar.
Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­tet da­laş­gär­ler ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat taý­ýar­lap, ony gat­na­şy­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­rdi. Dalaşgärlerden De­wid Na­bar­ro, San­ýa Niş­tar hem-de Ted­ros Geb­re­ýe­sus 2017-nji ýy­lyň maý aýyn­da gu­ra­ma­nyň Bü­tin­dün­ýä as­samb­le­ýa­syn­da baş direktorlyk üçin bäsleşer. Bü­tin­dün­ýä as­samb­le­ýa­nyň 70-nji mej­li­sin­de tä­ze baş di­rek­tor mälim ediler. Ol hem şu ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan işe gi­ri­şer.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, BSGG-niň baş di­rek­to­ry Mar­ga­ret Çan 2012-nji ýyl­da ikin­ji möh­le­te saý­lan­dy. Ol bu we­zi­pä 2006-njy ýyl­da bel­le­nip­di. Şon­dan öň bol­sa, gu­ra­ma­nyň baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­nde işleýärdi.