Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň ABŞ bilen Hytaýyň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen halkara maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Pariž şertnamasyna goşulmak baradaky maksatlaryny kanagatlanma bilen kabul edendigi mälim edildi. Bu barada Baş sekretarlygyň resmi wekili Stefan Dýužarrik habar berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Waşingtonda geçirilen duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki beýannamada iki döwletiň hem Pariž şertnamasyna goşuljakdygy bellenip geçildi. Olar 22-nji aprelde bu şertnama gol çekip, şu ýylyň dowamynda oňa goşulmagy maksat edinýär.
Waşington bilen Pekiniň gelen kararyny kanagatlanma bilen kabul eden BMG-niň Baş sekretary beýleki döwletleriň hem bu göreldeden ugur alyp, şertnama goşulmaklaryny we gysga wagtda şertnamany durmuşa geçirmäge başlamagyň has netijeli boljakdygyny belledi.
Howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmak üçin 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Parižde kabul edilen şertnama laýyklykda, oňa gatnaşyjy döwletler howanyň ortaça temperaturasynyň aşa ýokary galmagynyň öňüni almak babatda ylalaşdylar. Bu şertnama 55 döwlet tarapyndan tassyklanandan soňra güýje girer.
22-nji aprelde resminama gol çekmek üçin BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýokary derejede çäre geçiriler. Fransiýanyň energetika we daşky gurşawy goramak boýunça ministri Segolan Ruaýalyň öň beren maglumatyna görä, ilkinji gün 100-e golaý döwlet bu şertnama gol çeker. 30-dan gowrak döwletiň ýolbaşçysynyň bu çärä gatnaşmagyna garaşylýar.