Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyny tebigy gaz bilen üpjün edýän Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň bu bazardaky paýy yzygiderli ýokarlanýar. Ol 2016-njy ýylda 34 göterime deň boldy. 2015-nji ýylda bolsa, bu görkeziji 31 göterime barabar bolupdy.
– 2016-njy ýylda daşary ýurt bazaryna ýerlenen tebigy gazyň möçberi boýunça 12,5 göterim ösüş gazanyldy. Ol hem 180 milliard kubometr gaza golaýlady – diýip, “Gazprom”-yň ýolbaşçysy Alekseý Miller Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi. Şeýlelikde, bir ýylyň dowamynda kompaniýanyň Ýewropa bazaryndaky paýy 3 göterim artdy.
2016-njy ýylda “Gazprom” 420 milliard kubometr tebigy gaz öndürdi. Içerki bazaryna ýerlenen gazyň möçberi 2,3 göterim, halka berlen “mawy altynyň” möçberi 5,7 göterim artdy. Bu görkezijiler ýurtda gaz üpjünçiligi boýunça ykdysady ösüşi iteriji güýç bolup, çykyş edýär.
Ýewropa iberilýän tebigy gazyň 2017-nji ýyl üçin nyrhy kesgitlendi. Onuň müň kubometri 167-171 dollara deň bolar. Bu barada “Gazprom eksport” firmasynyň eksport departamentiniň başlygynyň orunbasary Mihail Malgin habar berdi.
“Demirgazyk akym-2” gaz geçirijisiniň taslamasy öz zerurlygyny görkezdi. Ony geçen ýyl Germaniýanyň bazaryna iberilen tebigy gazyň möçberi hem doly subut edýär. Germaniýa 49,8 milliard kubometr tebigy gaz satyldy we bu görkeziji 10 göterim ýokarlandy.
“Gazprom” daşary ýurt bazaryna tebigy gaz ýerlemek babatda oňat netijeler gazanmagy dowam etdirýär. Her gije-gündizde daşary ýurt bazaryna 600 million kubometrden gowrak tebigy gaz iberilýär.
Bulardan başga-da kompaniýanyň ýurduň çägindäki uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we olary özleşdirmek babatdaky işleri hem ýaýbaňlandyryldy. “Bowanenkowo” nebitgaz we kondensat ýatagynda işler maksatnama esasynda alnyp barylýar. Onuň gory 4,9 trillion tebigy gaza deňdir we ony 70 ýylyň dowamynda özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da Russiýanyň ýene-de bir iri nebitgaz kompaniýasy “Rosneft” 2016-njy ýylda 210 million tonna nebit hem-de 67 milliard kubometr tebigy gaz öndürdi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Igor Seçin habar berdi.