Bir bar eken bir ýok eken, gün­ler­de bir gün to­kaý­da­ky haý­wan­lar bir ýe­re ýyg­na­nyp, nä­dip uzak ýa­şap bol­jak­dy­gy ba­ra­da mas­la­hat­la­şyp­dyr­lar.
Il­ki sö­zi sy­ça­na be­rip­dir­ler. Ol:
– Eger-de pi­şik­ler bol­ma­dyk bol­sa, has uzak ýa­şar­dyk – di­ýip, ýe­rin­den tu­rup gep­läp­dir.
Sy­ça­nyň gör­ne­tin tan­ky­dy deg­na­sy­na de­gen pi­şik özü­ne söz no­ba­ty­nyň ýe­te­ri­ne hem ga­raş­man, yl­gap or­ta çy­kyp­dyr. Oňa “Ge­ze­gi­ňe ga­raş!” diý­mä­ge bol­sa, hiç ki­miň mil­ti çatmandyr. Se­bä­bi ol haý­wan­la­ryň şa­sy, uzak ýa­şa­mak ba­bat­da­ky şu mas­la­ha­tyň ket­hu­da­sy ýol­bar­syň jan ýa­ly dos­ty eken.
Pi­şik pez­ze­rip du­ran murt­la­ry­na haý­bat be­rip, göz­le­ri­ni çer­rel­dip, şeý­le di­ýip­dir:
– Si­ze – sy­çan­la­ra şu ber­len öm­rem köp! Eger si­zi uzak ýa­şa­dyp, gü­nü­ňi­ze goý­saň, on­da siz ar­pa­ly-bug­daý­ly hal­ta­lar-a gaý­ra dur­sun, hat­da dos­tum ýol­bar­syň mur­tu­ny kert­mek­de­nem gaýt­mar­sy­ňyz!
Pi­şi­giň sö­zi ýol­bar­syň ýü­re­gi­ne jüňk bo­lup­dyr. Ol ça­la­ja ar­lap, dos­tu­nyň sözüni ma­kul­lap­dyr. Onuň gol­da­wyn­dan ar­ka ta­py­nan pi­şik has-da me­çew alyp­dyr:
– Bi­ziň öm­rü­mi­ziň gys­ga bol­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri it­ler. Olar bi­zi ýy­gy-ýy­gy­dan ga­har­lan­ma­ga mej­bur ed­ýär­ler. Öz­le­rem ha­çan gör­seň bi­kär kaň­ka­şyp ýör­ler. Ola­ryň der­din­den ne ar­ka­ýyn ge­zip bol­ýar, ne-de ýa­şap! It­le­riň şu dur­muş­da ge­re­gi be­ri bar­my­ka?
– El­bet­de, bar! – di­ýip, go­ýun otu­ran ýe­rin­den ýu­waş­ja gür­läp­dir.
– Eger it­ler bol­ma­dyk bol­sa, mö­jek­ler bi­ziň ujyp­syz­ja öm­rü­mi­zi öň­kü­den-de gys­gal­dar­dy­lar.
Mas­la­hat uza­ga çe­kip­dir. Gur­ba­ga­lar leg­lek­ler­den, ser­çe­ler gyr­gy­lar­dan, ke­ýik­ler gap­laň­lar­dan, aý ga­raz, her kim bir zat­dan zeý­re­nip­dir. Em­ma çy­kyş eden haý­wan­la­ryň ýe­ke­je­si-de hem­me­ler üçin ýa­ram­ly, hem­me­le­riň ber­jaý edip bi­läý­jek tek­li­bi­ni or­ta at­man­dyr.
Bu ýag­daý mas­la­ha­tyň ket­hu­da­sy, äh­li haý­wan­la­ryň şa­sy ýol­bar­syň la­py­ny keç edip­dir. Se­bä­bi onuň özi hem öm­ri uzalt­mak ba­ra­da haý­sy­dyr bir peý­da­ly tek­lip aý­dyl­sa, il­ki gar­bap al­jak­la­ryň bi­ri eken.
Şol bar­ma­na hem­me­le­riň gö­zi alys­lar­dan myt­dyl­dap gel­ýän pyş­dy­la dü­şüp­dir. El­my­da­ma bol­şy ýa­ly, pyş­dyl bu ge­zek hem mas­la­ha­tyň so­ňu­na zor­dan ýe­ti­şip­dir. Haý­wan­la­ryň şa­sy ýol­bars hem­me­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wa­ly pyş­dy­la-da be­rip­dir:
– Pyş­dyl aga, ara­myz­da sen­den uzak ýa­şa­ny­myz ýok! Sen azyn­dan üç ýüz ýyl da­gy ýa­şa­ýaň. Se­niň beý­le uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry nä­me­de?
Pyş­dyl özü­ne mah­sus ha­ýal-ýa­gal­lyk bi­len jo­gap be­rip­dir:
– Bu ýer­de syr di­ýer ýa­ly, uly bir sy­ram ýok-la! Men et­jek işi­mi how­luk­man-al­ňa­sa­man ed­ýän. Git­jek ýe­ri­me how­luk­man-al­ňa­sa­man gid­ýän. Ýa­şam­da-da şeý­le, how­luk­man-al­ňa­sa­man ýa­şa­ýan. How­luk­ma­saň-al­ňa­sa­ma­saň, wag­tam ha­ýal geç­ýär. Ine me­niň uzak ýa­şa­ma­gy­myň sy­ry!
Parasat üç zatda: sözde, hereketde we ýürekde bolýandyr.
Ýaşaýyş – hereketdir, ýaşajak bolsaň, mydama hereketde bol!