Wýetnam Sosialistik Respublikasynda täze Prezident wezipesine girişdi. Ýurduň metbugatynyň habar bermegine görä, Wýetnamyň parlamenti tarapyndan döwlet baştutany wezipesine saýlanan Çan Daý Kuang kasam kabul etdi. Ýurduň ýolbaşçysynyň wezipesine girişmek dabarasy parlamentiň binasynda geçirildi.
Mundan ozal, Wýetnamyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginde işlän, 59 ýaşyndaky polisiýanyň generaly Çan Daý Kuang ýurduň Prezidenti wezipesine saýlandy. Wýetnamda Prezident parlament tarapyndan saýlanýar. Çan Daý Kuang üçin parlamentiň 465 deputatyndan 460-sy ses berdi. Bir palatadan ybarat bolan Mejlisiň deputatlarynyň 91 göteriminiň sesini alan ozalky ministr Prezident wezipesine girişdi. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, hökümetiň iň ýokary organy parlament hasaplanýar.
Parlamentiň binasynda geçirilen ses berişligiň netijeleri yglan edilenden soňra Prezidentlige saýlanan Çan Daý Kuang kasam kabul edip, Wýetnamyň halkyna hem-de Kommunistik partiýasyna wepaly boljakdygyny mälim etdi.
Çan Daý Kuang ýurduň demirgazyk welaýaty hasaplanýan Ninbinde dünýä indi. Ol ýurduň milli howpsuzlyk organlarynyň ofiseri. Hukuk ylymlary boýunça doktorlyk derejesine eýedir. 2006-njy ýylda Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzalygyna saýlandy. 2011-nji ýylda şol komitetiň syýasy býurosynyň agzasy boldy. Ol 67 ýaşyndaky Çyong Tan Şangyň ýerine Prezidentlige saýlandy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Kommunistik partiýanyň XII mejlisinde Çan Daý Kuang Prezident wezipesine dalaşgär görkezilipdi.
Milli parlamente zenan ýolbaşçy
Geçen hepde Wýetnamyň syýasy durmuşy wakalara baý boldy. Ýurtda täze Prezident bilen bir hatarda, milli parlamentiň ýolbaşçysy-da täzelendi. Wýetnamyň taryhynda ilkinji gezek zenan maşgala milli parlamentiň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Hanoý şäherinde geçirilen Milli geňeşiň 11-nji mejlisinde 62 ýaşyndaky Nguen Thi Kim Ngan milli parlamentiň başlygy wezipesine bellendi. Ol 5 ýyllyk wezipe möhleti tamamlanan Nguen Şin Hungyň ýerine geçdi.
Nguen Thi Kim Ngan 2011-nji ýyldan bäri deputat. Soňky ýyllarda ol Mejlisiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. Şu ýylyň ýanwar aýyndaky Kommunistik partiýanyň mejlisinde ol hem mejlisiň başlyklygyna dalaşgär görkezilipdi.
Milli parlamentiň täze ýolbaşçysy partiýa, jemgyýetçilik hem-de administratiw işlerde baý tejribä eýedir. Ol dürli ýyllarda Bençe welaýatynyň maliýe işlerine gözegçilik etdi. Şeýle hem maliýe ministriniň orunbasary, zähmet we durmuş meseleleri boýunça ministr, Kommunistik partiýanyň Haýzyong welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary wezipelerinde işledi.