Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň ahy­ryn­da dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy ha­sap­lan­ýan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry üçin saý­law ge­çi­ri­ler. Şol saý­la­wyň ne­ti­je­sin­de, tä­ze saý­la­nan Baş sek­re­tar in­di­ki ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Hä­zir­ki Baş sek­re­tar Pan Gi Mu­nuň we­zi­pe möh­le­ti ta­mam­lan­ýar. Onuň ikin­ji möh­le­te bu we­zi­pä saý­la­nan­dy­gy­ny hem bel­le­melidiris.
Bu we­zi­pä da­laş ed­ýän­ler bi­len şu ýy­lyň ap­rel aýy­nyň 12-14-i ara­ly­gyn­da res­mi däl du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­ler. On­da BMG-ä ag­za döw­let­le­riň hem-de se­bit to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri öz­le­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­lar bi­len da­laş­gä­re ýüz­le­ner­ler. Du­şu­şyk 2 sa­gat do­wam eder. Bu ba­ra­da Baş As­samb­le­ýa­nyň sek­re­ta­ria­ty ha­bar ber­ýär.
Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy Mo­gens Lýuk­ke­tof ag­za döw­let­le­riň 193-si­niň we­kil­le­ri­ne hat ug­ra­dyp, ola­ry res­mi däl du­şu­şy­ga ça­gyr­dy. «Res­mi däl du­şu­şyk Baş sek­re­tar we­zi­pe­si üçin iň my­na­syp da­laş­gä­ri saý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer» di­ýip, Mo­gens Lýuk­ke­tof öz ha­tyn­da bel­läp geç­di. Şeý­le hem bu du­şu­şyga jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem ça­gy­ryl­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne my­na­syp da­laş­gä­ri saý­la­mak üçin saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky kam­pa­ni­ýa 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da baş­la­ndy. Saý­lawyň düz­gün­le­ri­ne gö­rä, il­ki bi­len, da­laş­gär BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ýar. Soň­ra Baş As­samb­le­ýa da­laş­gä­riň ady hö­dür­len­ýär. Şol ýer­de 193 döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň iň köp se­si­ni alan da­laş­gär Baş sek­re­tar we­zi­pe­si­ne saý­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da bu we­zi­pe üçin Por­tu­ga­li­ýa­nyň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Gu­ter­riş, Mol­do­wa­nyň öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Na­ta­li­ýa Ger­man, ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry Iri­na Bo­ko­wa, Slo­we­ni­ýa­nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Da­ni­lo Turk, Çer­no­go­ri­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Igor Lu­kiç, Hor­wa­ti­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wes­na Pu­siç, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ozal­ky baş­ly­gy, ma­ke­do­ni­ýa­ly dip­lo­mat Sržan Ke­rim res­mi taý­dan da­laş­gär bol­dy.

Baş sekretarlyga ymtylýar

Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne da­laş ed­ýän sy­ýa­sy iş­gär­le­riň sa­ny art­ýar. Res­mi taý­dan da­laş eden­le­riň ara­sy­na ýe­ne-de bir ta­ny­mal sy­ýa­sat­çy goşuldy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri He­len Klark bu we­zi­pä da­laş­gär gör­ke­zil­di.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Jon Ki ta­ra­pyn­dan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­na hem-de Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­ne res­mi hat ibe­ril­di. “He­len Klark BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si üçin my­na­syp sy­ýa­sat­çy. Gu­ra­ma­nyň 70 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da ze­nan ýol­baş­çy­ny saý­la­mak üçin hem wagt gel­di” diý­lip, Prem­ýer-mi­nistr Jon Ki­niň ha­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
He­len Klark 1999-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­le­di. Hä­zir ol BMG-niň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy. Ol BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne da­laş ed­ýän 8-nji da­laş­gär bol­dy.