Ýaponiýada “akylly” şäherler mowzugy barha köp adamlary gyzyklandyryp başlady. 2018-nji ýylda Ýokogamadan uzak bolmadyk ýerde ilkinji “akylly” megapolis emele geler. “Sunasima” diýlip atlandyryljak şäheriň gurluşygyny ýurduň iri 10 kompaniýalar toparynyň konsorsiumy ýerli häkimiýetiň goldawy bilen amala aşyrar.
Taslamanyň başyny başlaýjy hökmünde “Panasonic” hem-de “Nomura Real Estate Development” korporasiýalary çykyş edýär. Olar şäheriň konsepsiýasyny hödürledi. Täze şäher häzirki zaman tehnologiýasy bilen doly üpjün ediler. Elbetde, bu ýerde kinolarda bolşy ýaly, uçýan taksiler bolmaz. Ýöne Sunasimada dünýäde deňi-taýy bolmadyk tehnologiýalar oturdylar. Ol geljegiň şäherini emele getirer. Şäheriň meýdanynyň agramly bölegi söwda we işewürlik ugurlary üçin bölünip berler.
Bu ýerde ylmy-barlag laboratoriýalary, Keýo uniwersitetiniň talyplar binasy, söwda we dynç alyş merkezleri we beýleki köp sanly kömekçi desgalar bolar. Şäheriň ýaşaýjylary köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşarlar.
Energiýa serişdelerini tygşytlaýan tehnologiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bu ýerde howa kömürturşy gazynyň goýberilişi 40 göterim azalar. Peýdalanylýan energiýanyň 30 göterime golaýy tebigy çeşmelerden alnar.
Ýapon medeniýetiniň däp bolan ýörelgeleri häzirki zaman tehnologiýasy bilen sazlaşyp, Keýo uniwersitetiniň halkara talyplar binasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaşlara sagdyn we howpsuz durmuş mümkinçiliklerini hödürlär. Şäherdäki söwda we dynç alyş merkezleri häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi bilen adamlara döwrebap hyzmat berer.
Sunasima şäheriniň ýaşaýjylary üçin köp gatly “akylly” ýaşaýyş jaýlary gurlar. Her bir öýde “Smart HEMS” ulgamy hem-de hojalyk akkumulýatorlary oturdylar. Olaryň hasabyna adamlar ekologiýa taýdan arassa durmuşda ýaşar.