2016-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda täze polat ýollaryň gurluşygy üçin 800 milliard ýuan (124 milliard dollar) möçberinde serişde goýberildi. Bu barada ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Ma Kaý habar berdi. Ol demir ýol gurluşygy babatda iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýyl ýurt boýunça 9 müň kilometre barabar demir ýol çekildi.
Üstümizdäki ýylda ýokary tizlikli otly gatnawlary üçin demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şäherleriň arasyna demir ýol çekmek işini çaltlandyrmak, ýük daşamak üçin demir ýol ulgamynyň düzgünleşdirmek babatda zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, 2015-nji ýylda tutuş ýurt boýunça polat ýollaryň umumy uzynlygy 121 müň kilometre barabar boldy. Şeýle hem ýokary tizlikli otly gatnawlary üçin amatly bolan ýollaryň uzynlygy 19 müň kilometre ýetdi.
“China Railway Corp” edarasy demir ýol ulgamynda esasy operator bolup hyzmat edýär. Ol geçen ýyl hem 820 milliard ýuan möçberinde maýa goýum özleşdirip, meýilnama boýunça 8 müň kilometr demir ýoluň ýerine 9 müň kilometrden gowrak polat ýoly çekdi.