29-30-njy martda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler.
Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar.
OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýylda geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.
Forumyň barşynda nebitgaz toplumynyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek, gazhimiýa ulgamynyň geljegi, «ýaşyl» geçiş we beýleki meseleler maslahatlaşylar.
Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem forumda “Dubai Expo 2020” Bütindünýä sergisi bilen teleköpri arkaly göni aragatnaşyk ýola goýlar.
Halkara foruma adaty usul bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak döwletinden wekil onlaýn gatnaşar. Bu format Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guramak üçin hem ulanylar.
Forum barada has giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com saýtyndan ýa-da info@turkmen-forum.com elektron poçtasyndan alyp bolar.