4-nji fewralda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygy “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy G.Durdyýew açdy.
Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.
P.Begenjow guramaçylyk ukyplaryny we öňde goýlan wezipeleri çözmekde ýokary hünär derejesini görkezen gujurly, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy bolmak bilen bir hatarda hojalykçy adam hökmünde häsiýetlendirildi.
Dalaşgär günbatar sebitiň saýlawçylaryna duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy hem-de bu wezipä saýlanan halatynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan düýpli özgertmeler syýasatyny mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrdy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan özygtyýarly ösüşiniň 30 ýylynda dünýäniň köp ýurtlaryndan ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüş depginleri boýunça öňe geçmegi başardy, saglygy goraýyş, bilim, ylym ýaly, durmuş ähmiýetli ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýdy.
Geljekde döwlet maksatnamalarynda, şol sanda ýakynda kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça uly işler amala aşyrylar.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, telekeçiligi goldamak, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek, umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna saldamly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça anyk ädimler ädiler.
Duşuşygyň dowamynda dalaşgär saýlawçylaryň Balkan welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly känlerini özleşdirmek, döwrebap ulag düzümini, hususan-da, port düzümini kemala getirmek, şeýle hem şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak baradaky sowallaryna jogap berdi.
Deňizýaka sebitiň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. P.Begenjow üstüne alýan jogapkärçiligine doly düşünýändigini belläp, ähli tagallasyny hem-de tejribesini ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Duşuşugy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň esasy hünärmeni G.Abdylweliýewa açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol K.Saryýewi başlangyçlar bilen çykyş edýän, sowatly ýolbaşçy, uly abraýdan peýdalanýan, dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, özenini “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar düzýän giň gerimli özgertmeleri hemmetaraplaýyn giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini nygtady.
K.Saryýew ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etjek, halkara abraýyny has-da belende galdyrjak, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrjak wezipeleriň birnäçesini belledi. Bular, ilkinji nobatda, esasy pudaklaryň — nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa toplumlaryny depginli ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmakdan, sebitleri senagat taýdan ösdürmekden, olaryň hünärmen we ylym kuwwatyny berkitmekden ybaratdyr.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşyklylykda orta we hünär bilimi ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berler.
Dalaşgär döwletimiziň durmuş ugurly içeri we daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de anyk işleriň edilmegini zerur hasaplaýandygyny nygtady. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň oba ýerlerini mundan beýläk-de özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap bermek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini has giňişleýin beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär K.Saryýew ýygnananlara söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, halkymyzyň uly rowaçlyk gazanmagynyň we ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagynyň bähbidine ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.