Ýewropanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň iri döwletleriniň biri hasaplanýan Fransiýada şu ýylyň aprel aýynda prezident saýlawlary geçiri­ler. Şol esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasynyň öňüsyrasynda ýurduň käbir kompaniýalary tarapyndan pikir soraşmalar geçirilýär. “Harris Interactive” kompaniýasynyň pikir soraşmasynyň netijesine görä, Milli front partiýasynyň ýolbaşçysy Marin Le Pen saýlawyň birinji tapgyrynda ykdysadyýet ministri Emmanuel Makrondan hem-de ozalky hökümet başlygy Fransua Fiýondan öňe saýlanar.
Netijelere görä, Le Pen salýawyň birinji tapgyrynda saýlawçylaryň 24 göteriminiň, Makron 21 göteriminiň, Fiýon bolsa, 19 göteriminiň goldawyna eýe bolar. Pikir soraşma şu ýylyň 6-8-nji fewraly aralygynda geçirildi. Oňa 6 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Häzirki wagtda ýurduň Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri Fransua Fiýonyň we beýleki dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy dowam edýär.
Fransiýada prezident saýlawy iki tapgyrdan ybarat bolup, 23-nji aprelde we 7-nji maýda geçiriler.
Şu ýylyň 3-nji fewralynda başga bir kompaniýa tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesine görä, Le Pen 25 göterim, Makron 20,5 göterim, Fiýon bolsa, 18,5 göterim ses alar.