9-njy marda Koreýa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda “Raýat güýji” partiýasynyň dalaşgäri Ýun Sok-Ýol ýeňiş gazandy. Ýun Sok-Ýol 48,56% ses aldy, dolandyryjy “Toburo” demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Çže Çžon bolsa, 47,83% sese eýe boldy. Prezidentlik bäsleşiginde üçünji orunda Sim San-Çžon 2,37% sese eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 77,1% bolup, 44,19 million saýlawçynyň 34 milliondan gowragy ses berdi.

Saýlanan Prezident partiýanyň ýolbaşçylarynyň öňünde Milli mejlisde çykyş edip, ýurduň raýatlarynyň agzybirligini berkitmegi özüniň baş maksady hasaplaýandygyny aýtdy. Ol goldaw berendikleri üçin tarapdarlaryna hoşallyk bildirdi. Ýun Sok-Ýol döwlet baştutany hökmünde halka hyzmat edip, Konstitusiýanyň we Milli mejlisiň gymmatlyklaryna hormat goýjakdygyny aýtdy. Ol özüniň saýlanmagyny beýik adamlaryň ýeňşi diýip atlandyrdy.

Li Çže Mýon saýlanan prezidenti gutlady. Saýlawlara 14 dalaşgär gatnaşdy. Häzirki döwlet Baştutany Mun Çže In ýurtda hereket edýän kanunlara görä, saýlawlara gatnaşyp bilmedi.