ABŞ-nyň raýaty Kassandra de Pekol dünýäniň 195 döwletine syýahat etdi. Ol ulagyň uçar görnüşini ulanmazdan, 18 aý 26 günüň dowamynda 195 ýurdy syýahat edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy. 27 ýaşyndaky Kassandra adaty bolmadyk rekordy goýmak bilen, Ýer togalagyndaky bütin döwletleri aýlanyp çykdy. Munuň üçin oňa bir ýarym ýyl gerek boldy.
Dünýäniň daş-töweregine syýahat eden Kassandra de Pekol özüniň internet sahypasynda gezelenç eden ýurtlary barada jikme-jik gürrüň berýär. Ol syýahat eden ýurtlarynyň milli egin-eşiklerini satyn alypdyr, şol döwletleriň milli tagamlaryny dadyp görüpdir.
Kassandra bu syýahatyna 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlapdyr. Ol 18 aý 26 günüň dowamynda 195 döwlete aýlanyp çykan ilkinji zenan maşgaladyr. Şeýle hem ol gysga wagtyň içinde 195 döwletde bolup gören ilkinji ynsandyr.
ABŞ-nyň raýaty her bir ýurtda 2 bilen 5 gün aralygynda bolupdyr. Ol bu gezelenji üçin 200 müň dollar sarp edipdir. Onuň harajatlaryny meýletin hemaýatkärler beripdirler. Kassandra de Pekol bu syýahaty barada habarçylara beren gürrüňinde, uçara münmekden gorkýandygy sebäpli syýahat döwründe ulagyň beýleki görnüşlerinden peýdalanandygyny belläp geçipdir.
Ol mekdep ýyllarynda dünýäniň ýurtlaryny syýahat etmegi ýüregine düwüpdir. Ol bu gezelenjini Palau atly kiçi döwletden başlap, Türkmenistanda tamamlapdyr. Ol bu syýahat döwründe 5 pasport çalşypdyr. Kassandra syýahatçylyk eden döwründe gündelik tutupdyr. Şonuň netijesinde, ol kitap ýazmagy maksat edinýär. Şeýle hem onuň bu jahankeşdelik maksatnamasy boýunça dokumental film surata düşüriler. Ol Türkmenistandaky gezelenji barada öz gündeliginde Aşgabadyň örän owadan we arassa şäherdigini belläpdir. Aýratyn hem, ol Türkmenistanyň paýtagtynyň gijeki görnüşiniň özüni bendi edendigini nygtapdyr.