Şu ýylyň mart aýynda ABŞ-da awtoulag satuwy ýokarlandy. Bu ugurda 7 göterim ösüş gazanylyp, 1,7 million ulag satyldy. Soňky 10 ýylyň iň ýokary görkezijisine eýe bolundy. Söwdanyň artmagynda howanyň maýyl bolmagynyň täsiriniň uludygy bellenip geçildi. Mart aýynda ýeňil awtoulaglaryň ortaça bahasy 2 göterim artmagyna garamazdan, geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdireniňde, 33,666 dollara deň boldy. Umuman, geçen aýda pikap (kiçi ýük awtoulagy) ulaglaryň söwdasy 50 göterim köpeldi.
“Ford Motor Co.” kompaniýasynyň satuwy 7,8 göterim köpelip, 253 müň, “General Motors Co.” firmasynyňky 0,9 göterim artyp, 252 müň, “Fiat Chrysler” şereketiniňki bolsa 8,1 göterim ýokarlanyp, 213 müň ulag satdy.