Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda resmi taýdan wezipesine girişen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp täze hökümetini düzdi. Bu barada ýurduň döwlet Baştutanlygynyň resmi internet sahypasy habar berýär.
Internet sahypasynda ýerleşdirilen beýanatda Prezident Donald Trampyň özi bilen işlejek 24 ýolbaşçynyň düzümini makullandygy bellenip geçilýär. Täze hökümetiň düzümine giren ýolbaşçylaryň arasynda – wise-prezident Maýkl Pens, döwlet sekretary Reks Tillerson, baş prokuror Jeff Seşns, milli howpsuzlyk edarasynyň başlygy Daniel Kouts, Merkezi aňtaw edarasynyň başlygy Maýkl Pompeo, şeýle hem goranmak ministri Jeýms Mettis, içeri işler mi­nistri Raýan Zinke, oba hojalyk mi­nistri Sonni Perdýu, söwda ministri Uilbur Ross, zähmet ministri Endrýu Pazder, saglygy goraýyş ministri Tomas Praýs, ulag ministri Eleýn Lan Çao, energetika ministri Jeýms Perri, bilim mi­nistri Elizabet Dewos we beýleki ýolbaşçylar bar.
Donald Trampyň döw­let baştutanlygy döwründe bilelikde zähmet çekmek üçin saýlap alan ýolbaşçylary ýurduň Senaty tarapyndan tassyklanýar. Bu ugurdaky işler dowam edýär.
Tramp “G7”-niň
ýyg­na­gy­na gat­na­şar
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp şu ýy­lyň do­wa­myn­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ril­jek “G7”-niň (“Uly 7”-li­giň) ýyg­na­gy­na gat­na­şar. Bu ba­ra­da Pre­zi­dent Tramp Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Pao­lo Jen­ti­lo­ni bi­len ge­çi­ren te­le­fon söh­bet­deş­li­gin­de yla­laş­dy.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň met­bu­gat mer­ke­zi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem-de öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şeý­le hem “Uly 7”-li­giň sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da gür­rüň edil­di.
Ame­ri­ka­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny sam­mi­tiň çäk­le­rin­de Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şu­şyk ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.