Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Tereza Meý 2017-nji ýylda Hytaýa resmi sapar bilen barmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Premýer-ministriň metbugat sekretary habar berdi. Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ýokary derejede saklanýar. Geçen ýyl ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlanan Meý şol ýylyň sentýabr aýynda Hytaýda saparda bolupdy. Ol Hançžou şäherinde geçirilen “G20” (“Uly 20”-ligiň) sammitiniň çäklerinde bu ýurduň döwlet ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiripdi.
– Hytaýyň ýolbaşçylary Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň amala aşyrmagy maksat edinýän saparyndan hoşal bolarlar – diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Lu Kan gürrüň berdi.
Hytaý döwletinde şu ýylyň maý aýynda “Bir zolak-bir ugur” strategiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda ýokary derejeli maslahat geçiriler. Şoňa Beýik Britaniýa bilen bir hatarda, Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Latyn Amerika ýurtlarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Aglaba döwletiň ýolbaşçylarynyň maý aýyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmaga isleg bildirendikleri mälim edildi.
Beýik Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy geçen ýylyň dowamynda Hytaý bilen bir hatarda, Germaniýada, Fransiýada, Italiýada hem-de Hindistanda saparda boldy. Ol şu ýylyň ilkinji aýynda bolsa, ABŞ-da saparda bolup, bu ýurduň Prezidenti Donald Trampyň ilkinji daşary ýurtly myhmany boldy.