Türkmenistanda Prezident saýlawlary dowam edýär. Irden 07:00-da ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek işi badalga aldy. Saýlaw uçastoklarynda aýdym-sazly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Ses berlişigi daşary ýurtly synçylar hem syn edýär. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdeplerindäki saýlaw uçastoklarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky we Gökdepe etrabyndaky saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işi bilen ýakyndan tanyş boldular.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi.
Ahal welaýatynda 87,22%, Balkan welaýatynda 89,71%, Daşoguz welaýatynda 85,15%, Lebap welaýatynda 85,39%, Mary welaýatynda 86,70%, Aşgabat şäherinde 86,76% ses berdiler.
Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 74,16% saýlawçylar ses berdi.
Ses bermek dowam edýär.