Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow Prezident saýlawlarynyň guramaçylygyna ýokary baha berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän prezidenti saýlawlaryna GDA bilen bir hatarda Türki Döwletleriň Guramasy we beýleki halkara guramalaryň synçylar topary saýlawyň geçiriliş ýagdaýyna syn edýärler.
GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy Leonid Anfimow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde döredilen saýlaw uçastogynda daşary ýurtly žurnalistler bilen söhbetdeş boldy. Anfimow şol söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanda geçirilýän prezident saýlawlarynyň demokratiýa, aç-açanlyk we saýlawçylaryň islegini beýan etmek şertlerinde geçirilýändigini belledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow GDA-nyň synçylar toparynyň 2 hepdä golaý wagtdan bäri saýlaw bilen baglanyşykly çärelere gatnaşyp gelýändigini mälim etdi. Synçylaryň onlarça saýlaw uçastogynda bolandyklaryny, saýlaw möwsüminiň ýokary derejede guralandygyny, saýlawlaryň ýurduň saýlawçylarynyň ýokary raýat jogapkärçiligi esasynda geçirilýändigini belledi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlarda ses berýän pursatlarynyň şaýady bolandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň öz ejesine bolan mähirli hem-de mylaýym garaýşynyň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.