Gabriel Boriç döwlet baştutany hökmünde kasam kabul edip, Çiliniň taryhynda iň ýaş Prezident boldy. Kasam kabul ediş dabarasyna 30-dan gowrak ýurtdan wekiliýeti, şol sanda Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes, Ekwadoryň Prezidenti Gilermo Lasso, Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse, Urugwaýyň Prezidenti Luis Lakalýe Pou, Perunyň Prezidenti Pedro Kastillo, Dominikan Respublikasynyň Prezidenti  Luis Abinader, şeýle hem Ispaniýanyň Koroly Filipp VI gatnaşdy.

Şu ýylyň fewral aýynda 36 ýaşyny dolduran Boriç, geçen ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Çiliniň Prezidenti boldy. Aşa konserwatiw syýasatçy Hose Antonio Kast onuň esasy bäsdeşi boldy.  Dalaşgärleriň ikisi-de iň uly partiýalaryň we koalisiýalaryň wekili däl.

Saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda saýlaw topary tarapyndan sesleriň 100 göterimi sanalandan soňra saýlawçylaryň 55,87 göteriminiň “Men mertebäni goldaýaryn” çepçi koalisiýasynyň dalaşgärine ses berendigi belli boldy. Onuň garşydaşy, “Çili öňe” bileleşiginiň 55 ýaşly dalaşgäri Hose Antonio Kast sesleriň 45 göterimine eýe boldy. Saýlawlarda ýeňilen Kast, Boriçi gutlap, konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edipdi.

11-nji martda Çiliniň Prezidenti wezipesine girişen Gabriel Boriç 2026-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrar. 2012-nji ýylda ses bermek baradaky hökmany talabyň ýatyrylmagynyň netijesinde, Günorta Amerikanyň bu ýurdundaky soňky saýlawlara gatnaşanlaryň sany 55,6 göterime deň boldy.