Belli ýapon elektronika enjamlaryny öndürýän «Sharp» kompaniýasy paýnamalarynyň 66 göterimini Taýwanyň «Hon Hai Precision Industry» şereketine satdy. Geleşigiň bahasy 3,5 milliard dollara deň boldy. Bu baradaky şertnama ýapon kompaniýasynyň Osaka şäherindäki merkezi binasynda gol çekildi.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýasy önümçiliginden ep-esli derejede zyýan çekdi. Şonuň üçin paýnamalarynyň belli bir bölegini satuwa çykardy. Paýnamalary satyn alan “Hon Hai Precision Industry” şereketi bolsa dünýäde elektron enjamlaryny üpjün ediji öňdebaryjy firmalaryň biridir. “Foxconn” brendi arkaly ol öz Hytaýdaky zawodlarynda “Apple” kompaniýasynyň ykjam telefonlaryny öndürýär.
Ýapon kompaniýasy paýnamalaryndan gelen puly täze nesil elektron enjamlaryny öndürmek üçin sarp etmegi maksat edinýär. Onuň öndürjek displeýlerini “Apple” kompaniýasynyň ykjam telefonlarynda we planşetlerinde ulanmak bolar.