Pişikler maşgalasynyň iň ýyndam agzasy bolan geçigaplaňlar Afrikanyň köp ýerinde, şeýle hem Ýakyn Gündogarda duş gelýär. Süýdemdirijileriň bir görnüşi bolan bu ýyrtyjy jandarlar çalasynlygy bilen tapawutlanýarlar. Geçigaplaňlar gysga wagtda ýokary tizlige çykmagy başaryp, ylgap başlandan 3 sekunt geçenden soňra tizligini 110 km/sagada ýetirip bilýärler. Şol sebäpli öz awlaryny gysga wagtda tutýan geçigaplaňlar ýokary tizlikde ylgaýandygy sebäpli çalt ýadaýarlar. Geçigaplaňlaryň 460 metrden uzaga ylgap bilmeýändigi sebäpli aw etjek bolanlarynda bir minutdan az ylgaýarlar. Şol wagtyň dowamynda awunyň yzyndan ýetip bilmese, awundan geçmeli bolýarlar. Köp dilde geçigaplaňa «çita» diýilýär. Bu söz sanskrit dilindäki «menekli» diýmegi aňladýan «çitraka» sözünden geçipdir. Bu jandarlaryň derisi menekli bolýar. Geçigaplaňlaryň gözüniň aşagyndan agzyna çenli gara çyzyk bolýar. Bu gara çyzyk jokrama yssyda Gün şöhlesiniň täsirini azaldyp, awuny uzakdan görmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, geçigaplaňlar beýleki ýyrtyjylardan tapawutlylykda günortanyň yssysynda hem aw edip bilýär. Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde geçigaplaňlaryň sanynyň 10 müňden azdygy çaklanylýar. Kämil myşsalary, inçe bedeni, kiçi kellesi we uly gözleri olara aw etmegi aňsatlaşdyrýar. Şeýle hem bu jandaryň uly döşi we öýkeni ýokary tizlikli ylgaýan wagty aňsat dem almaga kömek edýär. Çägesöw sarymtyl reňkli bolýan bu jandaryň agramy 40-65 kilogram, bedeniniň uzynlygy 115-140 santimetr, guýrugynyň uzynlygy 80 santimetr töweregi bolýar.
Olar, esasan, orta ululykdaky haýwanlar – toýnaklylar, jerenler we towşanlar bilen iýmitlenýärler. Geçigaplaňlar irden ýa-da agşam howanyň aşa gyzmadyk wagty aw edýärler. Olar ys almak bilen däl-de, gözi bilen görüp awlamaga ukyplydyrlar. Bu jandarlar Afrikanyň we Aziýanyň köp ýerinde duş gelýärler.
Geçigaplaňlar kähalatda bars bilen çalşyrylýar. Barsyň derisindäki gara tegmilleri halka şekilli, ortasy goňur bolup, geçigaplaňyň derisi bitewi gara tegmilli bolýar.