23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.
Asyl­ly dä­be gö­rä, go­wa­ça eki­şi­ne hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar ak pa­ta ber­di­ler. Be­ýik Bi­ri­bar­dan aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç al­ma­gy di­leg edi­lip, meý­dan­la­ra il­kin­ji go­wa­ça to­hum­la­ry se­pil­di. Soň­ra me­ha­ni­za­tor­lar işe gi­riş­di­ler.
Bu gym­mat­ly eki­niň ýe­tiş­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Ge­çen ýyl eziz Di­ýa­ry­my­zyň ha­syl us­sat­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 250 müň ton­na­dan gow­rak «ak al­tyn» tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Türk­men pag­ta­çy­la­ry­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­tyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.
Şu ýyl hem ýur­du­myz­da go­wa­ça ek­mek üçin 580 müň gek­tar meý­dan taý­ýar­la­ny­lyp, 1 mil­li­on 250 müň ton­na pag­ta ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol san­da Wa­tan har­ma­ny­na Ahal we­la­ýa­tyn­dan 280 müň ton­na, Bal­kan we­la­ýa­tyn­dan 10 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­dan 275 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­dan 320 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan bol­sa 365 müň ton­na pag­ta ha­sy­ly­ny tab­şyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bu gym­mat­ly eki­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek iş­le­ri­ne hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­ler hem gat­na­şar, ola­ra oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan ýer bö­lü­nip be­ril­di.
Ekiş möw­sü­mi­ne çen­li pag­ta­nyň saý­la­ma to­hu­my saý­la­nyp alyn­dy. Or­ta sü­ýüm­li go­wa­ça to­hu­my­nyň saý­la­ma gör­nüş­le­ri ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ýo­lö­ten-7», «Ýo­lö­ten-39», «Jeý­hun», «S-2606», «Da­şo­guz-120», «Da­şo­guz-114», «Gu­ba­dag-3», «149-F» ýa­ly go­wa­ça­nyň tiz ýe­tiş­ýän, ýo­ka­ry ha­syl­ly, sü­ýü­mi uzyn we aras­sa gör­nüş­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Go­wa­ça­nyň in­çe sü­ýüm­li «Ýo­lö­ten-14» gör­nü­şi top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Ahal we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da eki­ler.
Şu möw­süm­de dür­li ky­sym­ly be­jer­gi trak­tor­la­ry­nyň we eki­ji gu­ral­la­ry­nyň 1708-si, eki­şiň bök­denç­siz­li­gi­ni üp­jün ed­ýän we soň­ky ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen go­wa­ça kul­ti­wa­tor­la­ry­nyň 5517-si peý­da­la­ny­lar.
Dün­ýä bel­li «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­syn­dan sa­tyn al­nan we te­le­ma­tik san­ly elekt­ron ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan trak­tor­lar şu möw­süm­de ekin meý­dan­la­ry­na çy­ka­ry­lar.
Teh­ni­ka­la­ryň gi­je-gün­diz­le­ýin hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak, me­ha­ni­za­tor­la­ryň we beý­le­ki eki­şe gat­naş­ýan­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, my­na­syp dynç al­ma­gy üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Şu möw­sü­me et­rap­la­ryň we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň çäk­le­rin­de he­re­ket ed­ýän bio­kär­ha­na­la­ryň 485-si taý­ýar­la­nyl­dy. Şo­lar pag­ta­çy­la­ry go­wa­ça zy­ýan be­ri­ji­le­re gar­şy ula­nyl­ýan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li bioö­nüm­ler bi­len üp­jün eder­ler.
Möw­sü­miň öňü­sy­ra­syn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky M.So­py­ýew adyn­da­ky oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­de, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň «Wa­tan», Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň «Tä­ze ýol» hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­by­nyň «Goç» daý­han bir­le­şik­le­rin­de oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak, onuň ok­gun­ly ösü­şi­ni, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ýo­ka­ry dü­şe­wünt­li­li­gi­ni, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň muk­da­ry­nyň dur­nuk­ly art­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di.
Ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de, dür­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len önüm­le­riň ser­gi­si gu­ral­dy. We­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry pag­ta­çy kä­ren­de­çi­le­re çäk­siz ru­hy lez­zet ber­di.