Dünýäniň iň uly wideo platformlarynyň biri bolan “Netflix” oýun öndürýän firmalar bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Kompaniýa soňky wagtlarda mobil applikasiýalar arkaly dürli oýunlary hödürleýär. Bu bazardan has köp paý almak isleýän kompaniýa mundan ozal “Night School Studio” firmasyny satyn alypdy. Bu firma “Oxenfree” atly oýny hödürleýär. Ondan öň bolsa, “Stranger Things: Puzzle Tales” mobil oýnuny taýýarlan “Next Games” firmasyny 72 million dollara satyn alypdy. Indi bolsa, “Boss Fight Entertainment” şereketi hem “Netflix”-iň düzümine girdi. Bu barada kompaniýanyň Oýun studiýalaryndan jogapkär wekili Amir Rahimi mälim etdi. Rahimi 2013-nji ýylda döredilen bu oýun bilen köp wagtdan bäri gyzyklanýandygyny, bu studiýanyň dürli görnüşli meşhur oýunlary işläp taýýarlamakda giň tejribesiniň bardygyny, bu tejribäniň “Netflix” agzalaryna islendik ýerde oýnap boljak ajaýyp oýunlary hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Bu barada “Boss Fight” şereketiniň esaslandyryjylary oýunçylara ýönekeý we gyzykly oýunlary hödürlemegi maksat edinýändiklerini aýtdy.
Maksat Berdimyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.