Arheologlar Italiýada irki döwürlerde wulkanyň atylmagy netijesinde ýok bolan Pompei şäherindäki kaşaň binanyň üç ölçegli nusgasyny döretdiler. Şwesiýanyň Lund uniwersitetniň hünärmenleri gadymy Rim imperiýasy döwründäki binagärligi öwrenmek maksady bilen täze usuly oýlap tapdylar. Bu uniwersitetde doktorantura okaýan Danilo Marko Kampanaro we professor Gýasomo Landeşi miladynyň 79-njy ýylynda Wezuwiý dagyndaky wulkanyň ýarylmagy netijesinde zeper ýeten jaýyň 3D nusgasyny döretdiler. Soňra bolsa, hyýaly hakykat äýnekleri arkaly bu öýüň içinde gezelenç edýän myhmanlaryň nämelere üns berýändiklerini öwrendiler. Öýüň içi kemsiz bezelipdir. Wulkan külleriniň astynda oňat saklanyp galan jaýda 1870-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ol ýerden köp zat tapylan eken. Bu ýerden kümüşden ýasalan öý esbaplary, tüýdük, gymmat bahaly şaý-sepler, bürünçden we toýundan edilen çyralar ýaly jemi 160 tapyndy ýüze çykarylypdyr. Şeýle hem bu ýerde üstünde ady ýazylan möhür ýüzük hem tapylypdyr.
Öýüň elektron nusgasyny döretmek üçin hünärmenler XIX asyrda tapylan eksponatlardan we beýleki maglumatlardan peýdalanypdyrlar. Umumy meýdany 650 inedördül metr bolan iki gatly öýüň nusgasy hyýaly hakykata has gowy düşünilmegi üçin meşhur oýunlara hem ýerleşdirilipdir.
Jaýyň üç ölçegli nusgasy “tebigy” ýagdaýda ýagtylandyrylypdyr. Gündizine aýnadan düşýän ýagtylygy görüp bolýar. Günüň süýşmegi bilen edil hakyky öýdäki ýaly ýagtylyk we kölege hem süýşýär. Bu barada “Antiquity” žurnalynda makala çap edildi.
Arzygül Kakalyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.