28-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahat geçirildi.

Pudagara maslahata Gullugyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň hem-de «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistika ulgamyny ösdürmäge, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň ugurlaryny kesgitlemek meselelerine garaldy.

Şeýle hem bu ugurlar boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli çäreler kesgitlenildi.