“Apple” -iň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň beýik zehini barada ýüzlerçe makala we kitap ýazyldy. Başarjaň işewür telekeçiligi ýokary derejä ýetirmegi başardy. “Apple”-iň häzirki ýolbaşçysy bolan Tim Kukuň häzirki derejä nähili ýetendigini bilýärsiňizmi?! Doly ady Timoti Donald Kuk oýlap tapyjy ýa-da hat-ýazuwçy bolmasa-da, özüni görnükli dolandyryjy we maliýeleşdiriji hökmünde tanatdy. Onuň ýolbaşçylygynda kompaniýa girdejisini, birnäçe ýylyň dowamynda takmynan, ýedi esse artdyrdy. Tim Kukuň direktorlyga geçeli bäri kompaniýada birnäçe täze önüm öndürildi.

Tim Kuk 1960-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Alabamanyň üçünji uly şäheri bolan Meksika aýlagyndaky Port şäherçesinde dünýä inýär. Kakasy Don Kuk Alabamada gämi abatlaýjy kärhanasynda, ejesi bolsa dermanhanada işleýär. “Apple”-iň geljekki başlygy ene-atasy bilen gowy gatnaşykda bolup, töweregindäkilere özüni turuwbaşdan yhlasly we maksadaokgunly, tapylgysyz häsiýetler jemlenen ýigit hökmünde tanadypdyr.

Mekdepde Kuk algebra, geometriýa we trigonometriýany gowy bilýän eken. Bir söz bilen aýdylanda, analitiki endikleri talap edýän derslerden oňat baş çykarypdyr. Matematika mugallymy Barbara Deýwisiň pikiriçe, «Tim ygtybarly ýigitdi we hemişe işini yhlas bilen ýerine ýetirýärdi». Kuky tanaýanlar ol hakda şol bir zady aýdýarlar: elmydama hemme zady gowy ýerine ýetirjekdigine ynam edip bilersiňiz. Žurnalist Linder Kani «Tim Kuk» atly kitabynda ol hakda gysgaça şeýle belleýär: «Içgysgynçlyk we nerwi Tim hakynda däl. Gysgaça aýdylanda, ol “Apple”-i häzirki derejesine çykaran zehin».

1982-nji ýylda Kuk bakalawr derejesini alýar we Fukua Biznes Mekdebinde MBA-ny dowam etdirýär. Şol ýerde oňa diňe iň ökde talyplaryň alýan “Fuqua Scholar” ady berilýär. Tim ilkinji zähmet ýoluna IBM-de başlaýar. Ol kompaniýada 12 ýyl işläp, gowy karýera gazanýar. “IBM”-de işleýän döwri ol ýarygijä çenli işleýän eken, hatda bir gezek möhüm hasabaty tamamlamak üçin Täze ýyl aralygyndaky dynç günlerini hem işläp geçiripdir. Kuk 1994-nji ýylda IBM-den işden öz islegi bilen çykýar. Näme üçin işini üýtgedendigi barada resmi maglumat ýok. Tim “Intelligent Electronics”-e geçip, satuw bölüminiň başlygy, soňra bolsa baş iş dolandyryjysy wezipesinde işleýär. Birnäçe wagtdan soň “Intelligent Electronics” satylýar we Tim “Compaq”-da wise-prezident wezipesine geçýär. Kuk ol ýerde-de bary-ýogy alty aý işleýär. Ahyrsoňy ykbal öwrümleri ony “Apple”-iň baş direktory Stiw Jobs bilen iş söhbetdeşliginde ýüzbe-ýüz duşurýar.

1996-njy ýylda kompaniýanyň girdejisi peselip başlaýar. Şol wagtlar kompaniýa her aýda 500 million dollar ýitgi çekýän eken. Şol döwür kompaniýanyň ýolbaşçysy Stiw Jobs Kuka bu meseläni çözmegi tabşyrýar. Ol özüne ynanylan täze wezipesinde derrew öňki ýalňyşlyklary düzetmek üçin işe girişýär. Ilki bilen üpjün edijileriň barlagyny geçirende ýüzden gowrak işgäriň arasynda diňe ýigrimi dört sanysy galýar. Kukuň gelmegi bilen çemeleşme düýpgöter üýtgeýär.

Kompaniýa 2007-nji ýylda ilkinji “iPhone”-y we beýleki mobil enjamlaryny çykaryp başlaýar. Bu bolsa kompaniýanyň girdejisiniň görnetin ýokarlanmagyna getirýär.

2011-nji ýylda Stiw Jobsuň saglyk ýagdaýy sebäpli Kuk baş direktor wezipesine bellenilýär. Häzriki wagtda kompaniýa dünýäniň iň köp smartfon ýa-da haýsydyr bir mobil enjam satýan kompaniýasy däl. Muňa garamazdan, dünýäniň iň köp girdeji gazanýan tehnologiýa kompaniýasy bolmagyny dowam etdirýär. Sebäbi “Apple” girdejisiniň uly bölegini elektron enjamlaryň satuwy däl-de, olaryň programmalaryndan alynýan girdeji emele getirýär.

Güljemal ORAZSÄHEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.