31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.
Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň seçilip alnandygy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, halkara ähmiýetli ulag ulgamyny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagyň milli maksatnamalaryň hem-de bu ugurda amala aşyrylýan strategiýanyň baş maksadydygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de inženerçilik-tehniki üpjünçiligine, binalaryň daşky we içki bezeglerine hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm üns berilmelidigini nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.