31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň çäginde gurluşyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ilaty, aýratyn-da, ýurdumyzyň alysdaky sebitlerinde ýaşaýan adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberini artdyrmak, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi. Bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.