31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýat häkimlikleri boýunça döwlet eýeçiligindäki desgalary bäsleşikli söwda hem-de gazna biržasy arkaly hususylaşdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek boýunça syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak hem-de hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeleriň geçirilendigi habar berildi. Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär. Bu tekliplere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlislerinde bellenen tertipde seredildi hem-de birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak, döwlet edarasyna degişli paýnamany bolsa gazna biržasynyň üsti bilen ýerlemegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak we desgalary hususylaşdyrmak meseleleriniň milli ykdysadyýetimiziň öňünde durýan esasy wezipelerdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygy aýdyldy.