31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 12-13-nji aprelde serginiň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şol sergide TSTB-niň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer.
Sergi bilen ugurdaşlykda geçiriljek maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birleşmäniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürliginiň ykdysady kuwwatynyň onuň önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna berkidilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz telekeçilerimiziň gazanýan üstünliklerine, türkmen işewürliginiň maýa goýum kuwwatyna dünýäniň işewür toparlarynyň ünsüni çekmegiň wajypdygyny belledi. Nobatdaky gözden geçiriliş gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçileriň işini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilen ýagdaýynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmekde we onuň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde oňaýly şertleriň dörediljekdigini aýdyp, çäreleriň meýilnamasyny makullady hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinidir maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.