Kosta-Rikada geçirilen Prezident saýlawlarynda öňki maliýe ministri Rodrigo Çawes ýeňiş gazandy. Ol sesleriň 52,86%-ine eýe boldy. Ol saýlawlaryň Ikinji tapgyrynda, öňki Prezident Hose Mariýa Figeresden öňe saýlanmagy başardy.
Rodrigo Çawes 2019-2020-nji ýyllarda maliýe ministri bolup işledi. Ol merkezi sagçy Sosial-demokratik ösüş partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär. 1994-1998-nji ýyllar aralygynda ýurda ýolbaşçylyk eden Hose Mariýa Figeres bolsa, merkezi Milli azat ediş partiýasy tarapyndan dalaşgär görkezildi. Olar birinji tapgyrda degişlilikde, 27,28% we 16,78% sese eýe boldular.
Ikinji tapgyra ses berişlik 3-nji aprelde geçirilip, saýlawçylaryň gatnaşygy 57,33%-e deň boldy. Ýeňiji dört ýyllyk möhlet bilen (2022–2026) 8-nji maýda wezipesine girişer. Rodrigo Çawez öňki prezidente hoşallyk bildirip, ony täze hökümetde bilelikde işlemäge çagyrdy. “Kosta Rikanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we gymmatlyklaryna hormat goýup, gepleşik geçirmäge ukyply demokratik hökümet gurmagy maksat edinýärin” diýip, ol belledi. Kosta-Rikanyň häzirki Prezidenti Karlos Alwarado saýlanan Prezidenti eýýäm gutlady. Rodrigo Çawesiň kasam kabul ediş dabarasy 8-nji maýda meýilleşdirilýär.