Dünýäniň iň uzyn zenany bolan Rumeýsa Gelgi ýene-de üç ugurdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekordlar kitabynyň wekilleri Gelginiň arkasynyň, eliniň we barmaklarynyň hem uzyndygyny hasaba aldylar. Türkiýeli zenanyň boýy 2014-nji ýylda 2 metre 13,5 santimetre ýetip, “18 ýaşyna ýetmedik iň uzyn gyz” rekordyny alypdy. 2021-nji ýylda bolsa, Gelgi 2 metre 15 santimetr boýy bilen “dünýäniň iň uzyn boýly zenany” bolupdy.

Rumeýsa Gelgi täze rekordlary üçin bir aý ozal ýüz tutandygyny aýtdy. Ol ölçegleriň tamamlanandygyny we rekordlarynyň tassyklanandygyny aýtdy.

Guwanç Batyrow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby