Adaty ýangyçlaryň ornuny tutýan arassa energiýa çeşmelerini özleşdirýän “Airbus” kompaniýasy ösümlik ýagynyň galyndysyny ýangyç hökmünde ulandy. “Rolls-Royce Trent 900” hereketlendirijisi oturdylan “Airbus A380” uçary Fransiýanyň Tuluza şäherindäki Blanýak aeroportyndan 08:43-de asmana göterilen uçar üç sagat uçdy. Uçan wagty uçarda hiç hili bökdençligiň ýüze çykmandygy bellenildi. Kompaniýanyň wekilleri ýangyçdan gowrulan ýeralmanyň ysynyň gelýändigini belleýärler.

Dünýäniň öňdebaryjy uçar öndüriji kompaniýasy bolan “Airbus” 2050-nji ýyla çenli howany hiç hili hapalamaýan önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa bioýangyjyň başga görnüşlerini hem işläp taýýarlaýar. Şeýle hem uçarlaryň aerodinamikasyny kämilleşdirmek arkaly ýangyjy tygşytlamak üçin täze görnüşli uçarlaryň taslamasyny taýýarlaýar.

Nursoltan Çaryýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby