“Lufthansa Technik” we SWISS awiakompaniýalary “AeroSHARK” atly tehnologiýany işläp taýýarlaýar. Bu tehnologiýa uçarlaryň daşy üçin taýýarlanan aşa ýuka örtük bolup, uçaryň ýangyjyny tygşytlamaga ýardam eder. Bu özboluşly tehnologiýa uçuş wagtynda kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň mukdaryny hem azaldar.

“AeroSHARK” örtüginiň galyňlygy  bary-ýogy 50 mikrometr bolup, biometrik gatlaklydyr. Örtük ýokary gidrodinamiki häsiýeti bolan akula derisine meňzeýär. Ol nirede ulanylsa hem uçaryň aerodinamiki garşylygy azalýar. “Boeing 777” uçarlarynyň 12-si 950 inedördül meýdany bolan “AeroSHARK” örtügi bilen örtüler. Bu örtük howa gämisine ortaça 1,1 göterim ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa belli kompaniýanyň ýyllyk ýangyç sarp edilişini 4 müň 800 tonnadan gowrak we ýyllyk kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny bolsa 15 müň 200 tonna çenli azaldar. Bu ýagdaý daşky gurşaw üçin ekologik tarapdan hem peýdalydyr.

Berdi Maýlyýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy