Emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde uly tejribe toplap, «Anthropic» hem-de «OpenAI» ýaly öňdebaryjy kompaniýalarda zähmet çeken 27 ýaşly hünärmen Jeýkob Kokson pudakdaky işini tamamlandygyny mälim etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda bu ulgamyň çalt depginde ösýändigine ünsi çekip, pudakdaky kompaniýalaryň arasyndaky bäsleşigiň käbir ýagdaýlarda täze gözegçilik çärelerini talap edýändigini belledi.

Hünärmeniň pikiriçe, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ösüşi bilen birlikde howpsuzlyk meselelerine hem has çuňňur üns bermek möhümdir. Mundan öň hem käbir hünärmenleriň howpsuzlyk kadalary sebäpli işden çykandygy, şeýle hem synag wagtynda käbir emeli aň ulgamlarynyň gözegçilik çäklerinden çykmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy habar berlipdi.

Ýüze çykýan şeýle ýagdaýlar dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda ABŞ-da we Ýewropada degişli kanun çykaryjylaryň üns merkezinde bolmagyna getirýär. Häzirki wagtda bu ugurda halkara düzgünleri kämilleşdirmek we howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek boýunça dürli kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Kokson hem hünärmenleri we barlagçylary bu ulgamy ösdürmekde howpsuzlyk we jogapkärçilik ýörelgelerine has berk eýermäge çagyrdy.