Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 58,57% ses alyp, Serbiýanyň häzirki Prezidenti Aleksandr Wuçiç ýeňiş gazandy we onuň Serbiýanyň Ösüş partiýasy bolsa, parlamentdäki iň köp orna eýe boldy. Bu barada Respublikan saýlaw toparynyň başlygy Wladimir Dimitriýewiç habar berdi.

Maglumatlara görä, Wuçiç (“Bilelikde hemme işi başararys” koalisiýasy) 58,57% ses bilen ýeňiş gazanýar, ikinji orunda 18,35% ses bilen Baş ştabyň öňki başlygy Zdrawko Ponoş (“Serbiýanyň ýeňşi üçin bileleşik”), üçünji orunda bolsa, 5,96% bilen Miloş Ýowanowiç gelýär.

Ondan soň Boşko Obradowiç (“Watançylyk bileleşigi”) 4,37%, Milika Jurjewiç-Stamenkowskiý (“Zawetniki” partiýasy) 4,25%, Bilýana Stoýkowiç (“Biz hökman” bileleşigi) 3,21%, Branka Stamenkowiç (“Özygtyýarlylar”) 2,03%, Mişa Wasis (“Serbiýanyň watançysy” koalisiýasy) – 0,87% sese eýe boldular.

Parlament saýlawlarynda Aleksandar Wuçiçiň “Bilelikde hemme işi başararys” koalisiýasy 42,97% bilen iň köp orna eýe boldy. Marinika Tepiçiň ýolbaşçylygyndaky “Serbiýanyň ýeňşi üçin bileleşik” koalisiýasy 13,6% bilen ikinji orny eýeledi. Iwisa Daçiçiň ýolbaşçylygyndaky Serbiýanyň Sosialistik partiýasy 11,48%, NADA koalisiýasy 5,38%, Bilýana Stoýkowiçiň “Biz hökman” 4,65%, Boşka Obradowiçiň “Watançylyk bileleşigi” 3,83%, Milisa Jurjewiç-Stamenkowskiniň “Zawetniki” partiýasy 3,74% sese eýe boldy. Beýleki partiýalar bolsa, 3%-den geçip bilmedi.

3-nji aprelde Serbiýada Prezident we nobatdan daşary parlament saýlawlary geçirildi. Şol bir wagtyň özünde Belgrad şäher geňeşi, şeýle hem Serbiýanyň 12 häkimliginiň geňeşi üçin saýlawlar geçirildi. Saýlaw toparynyň habaryna görä, Serbiýada 6,502,307 raýatyň ses bermäge hukugy bar.

Serbiýanyň saýlaw komiteti ozal Mejlisde 250 orna dalaş edýän 19 sany syýasy partiýany we koalisiýany hasaba alandygyny habar beripdi. Olar mejlisiň täze çagyryşyna girmek üçin sesleriň üç göterim böwedinden geçmeli bolarar. Prezidentlige sekiz kandidat dalaş edip, olar bir ýa-da birnäçe saýlaw blogy tarapyndan goldanýar.