“Alphabet” kompaniýasynyň “Wing” şereketi 7-nji aprelden başlap, Dallas-Fort Uert metropolynda (Tehas ştatynyň Dallas, Fort Uert we Arlington şäherlerini öz içine alýan sebit) harytlary dron bilen salgysyna eltmek hyzmatyny ýola goýjakdygyny mälim etdi. “Wing” häzirki wagtda “Walgreen” derman şereketiniň,  “Blue Bell Creameries” azyk önümleri kompaniýasynyň we saglygy goraýyş pudagynda iş alyp barýan “Easyvet” hem-de “Texas Health” toparlarynyň müşderilerine hyzmat edýär. “Alphabet Wing” şereketiniň spikeri sargyt dilen harytlaryň 7-nji aprelden başlap, Dallas-Fort Ueortdäki on müňlerçe öýe eltilip başlanjakdygyny aýtdy. Dronlar “Wing”-e degişli bolan duralgada däl-de, harytlary üpjün edýän şereketiň duralgasynda durar we şol ýerden sargyt edilen salga gider. Şeýlelikde, müşderilere “Blue Bell Creameries”-iň doňdurmalary, “Easyvet”-iň öý haýwanlary üçin dermanlary we “Texas Health”-iň ilkinji kömek gutulary dron arkaly gapysyna eltiler. Dronlaryň hereketi uzak aralykdan gözegçilikde saklanar. “Wing” dronlary 10 kilometre çenli bolan salga, 1,5 kilograma çenli ýük göterip bilýärler. Özbaşdak hereket edýän dronlar diňe garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda adam tarapyndan dolandyrylar.

Jennet Soltanowa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby