Dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Microsoft”-yň esaslandyrylanyna 47 ýyl boldy. Kompaniýa 1975-nji ýylyň 4-nji aprelinde Pol Allen we Bill Geýts tarapyndan esaslandyrylýar. Kompaniýa programma üpjünçiligi bilen tanalýan hem bolsa, enjamlaryň önümçiligini hem amala aşyrýar. Häzirki wagtda dünýäde üçünji uly kompaniýa bolan “Microsoft” 1985-nji ýylda “Windows” amaly ulgamyny işläp taýýarlaýar. Şol ýyl kompaniýanyň merkezi edarasy Waşington ştatynyň Redmond şäherine göçürilýär. “Microsoft Office” bukjasy bolsa 1990-njy ýylda ýaýradylýar. Kompýuterleriň amaly ulgamynda birinjiligini saklaýan hem bolsa, ozalky ýyllarda bu kompaniýanyň internet eksploreri hem öňdeligi eýeleýärdi. Häzirki wagtda internet eksploreri hökmünde “Mozilla” we “Google” birinjiligi eýeleýär. “Internet Explorer” üçünji ýerde durýar.

“Microsoft” 2014-nji ýylda 2000-nji ýyllaryň başynda dünýäniň iň köp telefon öndürýän kompaniýasy bolan “Nokia”-ny 7,2 milliard dollara satyn aldy. Şu ýylyň ýanwarynda bolsa, “Microsoft” has uly hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Kompaniýa dürli elektron oýunlary işläp taýýarlaýan “Activision Blizzard”-y 68,7 milliard dollara satyn aldy.

Muhammetnur Durdylyýew, 

S.A.Nyýazow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby