Ýaponiýanyň “Panasonic” kompaniýasy awtoulag senagatyndaky maýa goýumyny artdyrmagy maksat edinýär. Kompaniýa geçen ýyl emeli aň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýan “Blue Yonder” şereketi bilen 7 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekipdi. Kompaniýa geljek üç ýylyň dowamynda bolsa, awtoulag senagatyna degişli birnäçe taslamany durmuşa geçirer. Ýapon kompaniýasy elektroulag batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünden tutýar. Elektroulag batareýalary häzirki wagtda “Tesla”, BMW we “Mercedes” ýaly kompaniýalar üçin ähmiýetli bolup durýar. Birnäçe ýyldan bäri dürli batareýalary öndürmek bilen meşgullanýan “Panasonic” orta we uzak geljekde awtoulag batareýasyny hem öndürer. Kompaniýa bu ugra 2025-nji ýyla çenli 5 milliard dollar maýa goýum goýberer. Bu pul serişdesiniň 3,3 milliard dollary batareýa önümçiligi we üpjünçilik zynjyryny döretmek üçin sarp ediler. Galan bölegi tehnologiýany kämilleşdirmäge gönükdiriler.

Oraznabat Hojageldiýewa,

S.A.Nyýazow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby