Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda LDPR fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý uzaga çeken agyr keselden soň çarşenbe güni aradan çykdy. Muny palatanyň umumy mejlisinde Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin mälim etdi.
– Wladimir Wolfowiç Žirinowskiý uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. Žirinowskiniň şahsyýeti giň gerimli bolup, häzirki zaman Russiýanyň syýasy ulgamynyň ösüş taryhyny onsuz göz öňüne getirmek kyn – diýip, Wolodin
Deputatlar bir minutlyk dymyşlyk bilen syýasatçynyň hatyrasyny tutdular we ýygnakda arakesme yglan etdiler.
Meşhur rus syýasatçysy 1946-njy ýylda Almatyda (Gazagystan) dünýä indi. 1970-nji ýylda Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Gündogar dilleri institutynyň (häzirki Aziýa we Afrika ýurtlary instituty) “Türkiýe we türk dili” boýunça ugruny, 1977-nji ýylda Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň agşamky bölümini tamamlady.
Wladimir Žirinowskiý 1989-njy ýylda LDPR-iň agzasy bolup, 1990-njy ýyldan bäri oňa ýolbaşçylyk edip gelýär.
Wladimir Žirinowskiý 1991-nji ýylda RSFSR-iň Prezidenti wezipesine we 1996-njy, 2000-nji, 2008-nji, 2012-nji, 2018-nji ýyllarda Russiýanyň Prezidenti wezipesine LDPR-iň dalaşgäri boldy.
1993-nji ýylda Russiýanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Konstitusiýa maslahatynyň işine gatnaşdy.
Şu ýylyň fewral aýynda Wladimir Žirinowskiý Moskwanyň merkezi kliniki hassahanasyna ýerleşdirildi.
Wladimir Žirinowskiý Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen adyň eýesidir.