ABŞ-nyň “Citigroup” bankynyň bilermenleri “metawers” ykdysadyýetiniň 2030-nji ýyla çenli 8-13 trillion dollar aralygynda boljakdygyny çaklaýarlar. Şeýle hem maliýe edarasy “metawers” ulanyjylarynyň sanynyň bäş milliarda ýetjekdigini çaklaýarlar. Bankyň bilermenleri “Metawers we pul, geljegiň koduny çözmek” atly maglumatnama taýýarlapdyrlar. Maglumatda wirtual dünýäde “Web3” we “Metawerden” soňraky tapgyryň oýun oýnamakdan aňry geçip, söwda, sungat, mediýa, mahabat, saglygy goraýyş ýaly ugurlary öz içine aljakdygy çaklanylýar. Bilermenleriň pikirlerine görä, kriptopuluň hem ähmiýetli boljakdygy aýdylýar.
“Metawersiň bazar nyrhynyň häzirki wagtda 21 milliard dollardygy, geljek iki ýylda 800 milliard dollara ýetjekdigi bellenilýär. Bu ugurda “Meta” (“Facebook”) bilen bir hatarda, “McDonalds”, “Disney” we “Gucci” ýaly kompaniýalar bar.