7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly, tans kompozisiýasy bilen çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, degişli sport lybasyna beslenen gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly herekete başladylar.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alan ýerinde hem-de tutuş ýoluň ugrunda döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy we onuň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar hem-de joşgunly tanslar bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyryp, sport çäresine gatnaşyjylary ýoly üstünlikli geçmäge ruhlandyrdy.

Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ozal hem dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, özüniň şahsy göreldesinde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi.

Welosiped sporty bilen meşgullanmaga çagalaryň we ýaşlaryň barha köp çekilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şu welosipedli ýörişe ýaş türgenleriň — Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar ýoluny dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerini başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň owadan şaýollary bilen hereketini dowam etdi. Bu ýollar baş şäherimiziň gözel görki bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik babatdaky ähmiýetinden başga-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda aň-bilim, wagyz etmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Sebäbi, arassa ekologiýa we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, Aşgabady mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak, şäherde arassaçylygy üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Bu gün hemme ýerde çagalardan başlap, ululara çenli dürli ýaşdaky welosipedçileri görmek bolýar. Oglanlardan we gyzlardan başga-da, köp sanly uly ýaşdaky adamlar çagalykda iki tigirli ulagy sürendiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýarlar. Şunuň bilen birlikde, welosipede ilkinji gezek erk edýänler hem az däl.

Welosipedçileriň topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça gözel görki hem-de özboluşly binagärligi bilen haýran galdyrýan Aşgabat şäheriniň merkezine tarap ýoluny dowam etdi.

Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzyň merkezindäki — Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana geldiler. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mundan beýläk-de giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ekologiýa-sport çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy hem-de hemmelere berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün paýtagtymyz bilen bir hatarda, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy.

Aşgabatda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynda döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolan “Saglyk ýoluna» çykyldy.