Ýurdumyzda alnyp barylýan nebitgaz hem-de oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri hem-de oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçileriniň wezipelerini girizmek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine Aşyrguly Begliýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bolsa Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow bellenildi.